Medeni miras — milli buýsanç

1 Mart 2024
606

Şu günler sebitlerde geçirilýän «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahatlar düýn öz işini Lebap welaýatynda dowam etdirdi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilen senesiniň we Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasyndaky dabaraly çäre Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de Lebap welaýat häkimligi tarapyndan guraldy.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyza bagyşlanan maslahat welaýatyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirildi. Teatryň girelgesinde dabara gatnaşyjylary bagşylar topary joşgunly aýdym bilen garşy aldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi görnükli sanawdan orun alan milli el işlerimiziň birnäçe görnüşini özünde jemläpdir. Ýerleşdirilen haly we kilim önümleri, keşdeler on barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlaryň sungatynyň barha kämilleşýändigini görkezýär. Myhmanlar sungat işgärleriniň ýerine ýetiren «Noý-noý» aýdymlaryny hem diňlediler.

(Öz habarçymyz).
Surata düşüren Merdan ORAZOW.