Aşgabatda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça bäştaraplaýyn duşuşyk geçiriler

28 Fewral 2024
303

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.