Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

12 Fewral 2024
347

Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki dostlukly ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle-de maslahata «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Indoneziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar.