Halkara giňişlikde

10 Fewral 2024
479

Adam hukuklarynyň goraglylygyna ygrarlylyk

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýewiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Folker Türküň arasynda geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissaryň edarasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy möhüm hasaplaýandygy nygtaldy. Şunda bu düzümiň 2008-nji ýylda Bişkekde açylan sebitleýin wekilhanasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin wajyp ähmiýete eýedigine üns çekildi.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».