Özbegistanyň hususy awiakompaniýasynyň uçary Türkmenabatdaky ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

6 Fewral 2024
462

Türkmenabat Halkara howa menziliniň hyzmatdaşlarynyň hataryna Özbegistanyň «MY Freighter» hususy awiakompaniýasy hem goşuldy. Ýakynda bu awiakompaniýanyň ýük uçary welaýat merkezindäki halkara howa menzilinde täjirçilik maksatly ilkinji gonuşyny amala aşyrdy.

«MY Freighter» Özbegistanda döredilen ýük kompaniýasydyr. Kompaniýa ilkinji uçaryny mundan iki ýyl ozal ― 2022-nji ýylda satyn aldy. Şondan bäri bu kompaniýa Özbegistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak işine goşant goşup gelýär.