Bütindünýä poçta birleşigi bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

5 Fewral 2024
489

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşdy.

urdumyzyň Şweýsariýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekdäki mümkinçilikleri, şeýle hem aýratyn ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar. Bellenişi ýaly, Bütindünýä poçta birleşigi BMG-niň düzümindäki iň gadymy düzümleýin edaralaryň biridir.