Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýär

4 Fewral 2024
310

2-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.