2023-nji ýylda halkara howa gatnawlary 36,9 göterim artdy

4 Fewral 2024
285

Geçen ýylda tutuş dünýäde awiakompaniýalar tarapyndan amala aşyrylan ýolagçy gatnawy 36,9 göterim artdy. Emma muňa garamazdan, bu görkeziji pandemiýadan ozalky derejä ýetip bilmedi. Has takygy, 2023-nji ýylda awiakompaniýalar tarapyndan amala aşyrylan ýolagçy gatnawy 2019-njy ýyldaky görkezijiniň 94,1 göterimine deň boldy.

2023-nji ýylda halkara gatnawlarynda ýolagçylaryň sany Ýewropada 22 göterim, Demirgazyk Amerikada 28,3 göterim hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde 126 göterim ýokarlanypdyr.

Taýýarlan: Agamyrat SEÝIDOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, esger.