Türkmenistan — Germaniýa: hoşniýetli hyzmatdaşlyk

2 Fewral 2024
549

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek» atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Maglumat merkezi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredildi. Açylyş dabarasynyň çäklerinde bu merkez hakynda degişli Düzgünnama gol çekildi. Deňeşdirme-hukuk öwreniş çygrynda ylmy seljermeleri geçirmek; hünärmenleriň raýat, raýat iş ýörediş, administratiw, administratiw iş ýörediş hukugy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak; bilelikde ylmy-amaly hukuk edebiýatlaryny taýýarlamak; kanunçylygy kämilleşdirmek babatda maslahatlaşmalary geçirmek merkeziň esasy wezipeleri bolup durýar.

"Nesil".