«Akylly» şäheriň lukmançylyk klasteri

31 Ýanwar 2024
463

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini, ýagny bir maksatly özara arabaglanyşykly derman we saglyk maksatly serişdeleri öndürýän lukmançylyk edaralaryny döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde Germaniýanyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasy ýeňiji boldy.

Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiz Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan GFR-iň maslahat beriş kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, işlenip taýýarlanylan taslamany ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň GFR tarapyndan hödürlenjek anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi. Alym Arkadagymyz ýurdumyzda daşary ýurtly hünärmenleriň, işewür düzümleriniň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini, türkmen tebigatynda, şol sanda Garagum sährasynda eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler gorunyň bardygyna ünsi çekdi.

Ogulmähri GELDIÝEWA.
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.