ÝB-Merkezi Aziýa durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumy açyldy

30 Ýanwar 2024
375

Düýn Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumy öz işine başlady. Halkara maýa goýum forumyna Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Özbegistan) we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri gatnaşýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew, Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Muhammet Muhammedow, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Bekmyrat Işangulyýew, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň Baş direktory Merdan Bäşimow, şeýle hem Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow foruma gatnaşýarlar.