Arkadag şäheri: döwrebap lukmançylyk klasterini döretmek ugrunda

30 Ýanwar 2024
563

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen uzak ýyllaryň dowamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde Türkmenistanda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi. Bu asylly işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.

Şeýle giň gerimli işlerde halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Ylaýta-da, şunda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen işjeň gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistandaky lukmançylyk edaralarynyň aglabasy, esasan, german kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendir. Iki ýurduň lukmançylyk edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriniň wekilleriniň arasynda tejribe alşylýar, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumy üstünlikli hereket edýär. Ýurdumyzyň bu ugurdaky çemeleşmesi ählumumy “Bitewi saglyk” çemeleşmesi bilen gabat gelýär. Bu çemeleşmäniň çäklerinde saglyk bilen daşky gurşawyň ýagdaýynyň özara baglanyşygy hasaba alynýar.

Ýusup IŞANGULYÝEW,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.