Parlament diplomatiýasyny ilerledip

23 Ýanwar 2024
492

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl — bu agzybirligiň, parahatçylygyň, ösüşleriň, oňyn başlangyçlaryň ýylydyr. Belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyz geljege ynamly gadam basýar. Geçen ýyllaryň dowamynda, şol sanda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işler geljekki tutumly maksatlarymyzyň berk binýady bolup durýar.

Türkmenistanyň Mejlisinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek işleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek, daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek boýunça meýilnamalaýyn işler döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalaryny we döwletara ylalaşyklaryny tassyklamak hakynda kanunlar kabul edilýär.

Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.