Türkmenistan we Eýran sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesine garadylar

19 Ýanwar 2024
487

Türkmen-eýran döwlet serhetlerinde ýerleşýän “Artyk-Lotfabad” awtoýol gözegçilik-geçiriş nokadynda golaýda geçirilen duşuşykda sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Türkmen tarapynyň wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri Agöýli Nyýazow, Eýranyň wekiliýetine bolsa “Lotfabad” gümrük nokadynyň başlygy Korban Karimi ýolbaşçylyk etdiler.