Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar

21 Dekabr 2023
508

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy hem-de Latwiýanyň Ýük ekspeditorlary we logistika milli assosiasiýasy(LAFF) tarapyndan iki ýurduň ulag pudagynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk guraldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Ýewropadan harytlary ygtybarly daşamak üçin anyk meseleleri teklip etdi.