Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

20 Dekabr 2023
543

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň häzirki zaman logistika düzümlerini, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne laýyklykda dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly, iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr» diýip nygtamak bilen, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmeginiň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrmaga, durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn belleýär.

Muhammetdurdy ANNAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.