Dubaýda Bütindünýä howa sammiti açyldy

1 Dekabr 2023
496

Şu gün Ýakyn Gündogaryň ösen maliýe we tehnologiýa merkezi hasaplanýan Dubaýda ýylyň klimat bilen bagly iň iri çäresi — BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň plenar mejlisi (COP28) öz işine başlady. «Dubai EXPO City» sergiler merkezinde geçirilýän mejlise hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlary «Al Wasl» dabaralar merkezine ýygnandylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan garşylandy.

«Türkmenistan»
Dubaý ş.