Owganystanyň demir ýol gullugynyň ýolbaşçysy Aşgabatda saparda bolýar

1 Dekabr 2023
405

Owganystanyň demir ýol bölüminiň başlygy Bahtu Rahman Şaraf türkmen tarapynyň çakylygy boýunça Aşgabatda gulluk iş saparynda bolýar.

Owganystanyň demir ýol edarasynyň resmi habar bermegine görä, wekiliýetiň Aşgabada sapary wagtynda ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen gepleşikler geçiriler, olarda ýük daşamagyň we üstaşyr geçirmegiň hilini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Ýakynda taraplar Serhetabatdan (Türkmenistan) Turgunda (Owganystan) geçýän serhet ýoly arkaly ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak barada ylalaşyk gazanypdylar.