Türkmenistan we Gazagystan Hytaýdan Eýrana uzaýan ulag geçelgesini ösdürer

1 Dekabr 2023
423

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda «Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Degişli ylalaşyk hakynda Aşgabatda geçirilen Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisiniň dowamynda mälim edildi. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnama hem gol çekildi. BU resminama ulaglarda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda amatly nyrh şertlerini döretmegi, degişli düzümleriň işini sazlaşdyrmagy, deslapky we beýleki maglumatlary alyşmak üçin sanly çözgütleri girizmegi hem-de beýleki işleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.