Türkmen-täjik gatnaşyklaryny depginli ösdürmegiň ýolunda

1 Dekabr 2023
435

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlar, şol sanda Täjigistan Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän iki dostlukly döwlet geçen döwrüň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki netijeli hereketlerini işjeň ilerledip, hyzmatdaşlygy strategik derejä çykarýan pugta binýady döretdi. Şunda türkmen-täjik hökümetara toparyna möhüm orun degişli bolup, onuň işi gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir.

27-28-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi üstünlikli geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Täjigistanda iş saparynda boldy. Toparyň geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen 11-nji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi boýunça alnyp barlan işler nobatdaky duşuşygyň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň biridir.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».