«Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna»

30 Noýabr 2023
505

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygy barada hoş habar aýdyldy.

Bu şatlykly waka mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bilim, medeniýet, sungat işgärleri gatnaşdylar. «Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy» atly edebi-sazly kompozisiýa täsirliligi bilen tapawutlandy. Soňra çäräniň dowamynda buýsançly çykyşlar diňlenildi.

«ARKADAG»