Türkmenistan we Finlýandiýa ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ýola goýýar

25 Noýabr 2023
396

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Finlýandiýanyň «Nurminen Logistics» kompaniýasy Londonda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly maýa goýum forumynyň çäginde halkara ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

«Nurminen Logistics» häzirki zaman we ekologiýa taýdan arassa gaplary ulanmak bilen, Aziýa bilen Skandinawiýanyň arasynda demir ýol daşamalaryny amala aşyrýar. Kompaniýanyň logistika pudagynda 130 ýyldan gowrak tejribesi bar we ol öz mümkinçiliklerini hem-de çözgütlerini yzygiderli ösdürýär.