Döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

24 Noýabr 2023
528

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini möhüm diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

"Nesil".