YHG-nyň Daşkent sammiti: bilelikde nurana geljege tarap

23 Noýabr 2023
546

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar hem-de gurama gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň YHG-nyň döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna amala aşyran sapary hem nobatdaky gezek subut etdi.

Saparyň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy. Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň Baştutanlary açylýan mümkinçilikleri hem-de geljek üçin bilelikdäki ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy, abraýly düzümleriň çäklerinde, şol sanda YHG-nyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.