Halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

22 Noýabr 2023
494

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda Türkmenistan 150-den gowrak döwlet bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şolaryň biri-de Hytaý Halk Respublikasydyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, oktýabr aýynyň 17 — 19-y aralygynda Gahryman Arkadagymyz Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Bir guşak, bir ýol» atly 3-nji ýokary derejeli maslahata gatnaşdy hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygynyň netijesinde bilelikdäki wajyp taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ägirt uly taslama bolan Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine 2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki jarnama aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan iri halkara guramalarynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki sebit düzüminiň ugry boýunça köptaraplaýyn görnüşde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlary däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly mümkinçilikleri açdy.

Arslan GURBANNAZAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.