«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär

19 Noýabr 2023
557

Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde birinji ýurt hökmünde Milli pawilýony üçin ýer bölegini kabul edip aldy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryny dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara forumlara, hususan-da, dünýäniň iň iri sergisi bolan «EKSPO» Bütindünýä sergilerine gatnaşmagy üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda hem Türkmenistanyň 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Bu duşuşyga Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkenzes, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň Baş sekretary Işige Hiroýuki, 100-den gowrak daşary ýurtlaryň Baş Komissarlary, ilçileri, degişli işleri alyp barýan ministrlikleriniň wekilleri, gurluşyk kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şol sanda «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň pawilýonynyň potratçysy «Belli» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň dowamynda Türkmenistana «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup, Milli pawilýon üçin ýer böleginiň bölünip berilmegi bolsa has-da buýsandyryjydyr.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Biznes reklama».