Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

17 Noýabr 2023
523

Düýn — 17-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda dabaraly ýagdaýda açylan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi we türkmen-eýran işewürler maslahaty ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçiliklere giň ýol açar. Üç günlük foruma goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň nebitgaz senagaty, maşyngurluşygy, metallurgiýa, maliýe we ätiýaçlandyryş, gurluşyk önümçiligi ýaly ugurlarynda iş alyp barýan döwlet we hususy düzümleriniň 100-e golaýy gatnaşýar. Bizem sergi zalynda eýranly işewürler bilen duşuşyp, köpugurly hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri barada söhbet etdik.

► Dostlukly ýurduň kompaniýalary däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýär.

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».