Milli Liderimiziň eseri Italiýada tanyşdyryldy

16 Noýabr 2023
615

Golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň Wenesiýa şäherinde iş saparynda boldy. «Ka Sagredo» köşgünde geçirilen dabara Weneto sebitiniň ýardam bermeginde ýurdumyzyň Italiýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow giriş sözi bilen çykyş edip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de türkmen diplomaty Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan diline terjime edilmegine goldaw beren Weneto sebitiniň gubernatorynyň edarasyna we ähli italiýaly hyzmatdaşlara hoşallyk bildirdi. Ka Foskari institutynyň prorektory, professor Markomini dabaranyň dowamynda eden çykyşynda bu ajaýyp kitabyň italýan dilinde neşir edilmeginiň Italiýanyň giň jemgyýetçiligini türkmen halkynyň şöhratly taryhy, medeniýeti, döwlet dolandyrmak däpleri bilen ýakyndan tanyşdyrmaga, şonuň bilen birlikde, iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».