Dostluk daragty gül açýar

15 Noýabr 2023
576

Hormatly Prezidentimiz 9-njy noýabrda Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşdy we bu forumda çuň many-mazmunly çykyş etdi. Myhmansöýer özbek topragynda ýokary derejede geçirilen sammitiň gün tertibine söwda, energetika, ulag, daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk, oba hojalygy, senagat ýaly dürli ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda möhüm meseleler girizilip, onda wajyp başlangyçlar öňe sürüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň forumyň öňüsyrasynda özbek Lideri bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da berkidilmeginde möhüm ädimdir.

Durmuşda şatlykly hem gaýgyly günleriňe şaýat bolup, toý-märekäňi bile sowuşýan, ýetmedigiňi ýetirýän mährem dostuň we ýakyn goňşyňdyr. Şonuň üçin-de, «Öý alma, goňşy al», «Goňşy — goňşynyň galasy», «Goňşy goňşynyň hem görki, hem örki», «Dost — dostuň aýnasy», «Özüňi süýt bilgin, dostuňy — gaýmak» diýilýär. Bu babatda gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dünýä nusgalykdygyny bellemelidir. Bu dostana gatnaşyklar ýyllaryň geçmegi bilen barha berkäp, bu gün döwletara derejede has çuň many-mazmuna eýe bolýar.

Gözel GUTLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.