Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

12 Noýabr 2023
477

7-8-nji noýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň kiçi söwdagärler we kiçi senagatçylar edarasynyň prezidenti Sajjad Sarwar we Yslamabadyň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Ahsan Zafar Bahtawariniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy döwletimiziň daşary we içeri syýasaty barada tanyşdyryş çäresini geçirdi. Türkmenistanyň ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar we taslamalar baradaky söhbetdeşligiň dowamynda täze «akylly» şäher düşünjesine esaslanýan Arkadag şäheri barada hem gürrüň berildi.