Türkmen wekiliýeti Hytaý halkara import sergisine gatnaşdy

12 Noýabr 2023
416

5 — 10-njy noýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde 6-njy Hytaý halkara import sergisi geçirildi. Bu giň möçberli çärä dünýäniň 154 ýurdundan we sebitlerden 3400 töweregi kärhana gatnaşdy.

Oba hojalygy, azyk senagaty, awtoulag gurluşygy, çalgy ýaglar, ätiýaçlyk şaýlar, himiýa senagaty, dürli internet tehnologiýalar, kompýuter önümçiligi we üpjünçiligi, dokma senagaty, bezegler, lukmançylyk enjamlary, dermanlyk serişdeleri, taslamalar, oýlap tapmalar ýaly ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrylýan bu halkara serginiň türkmen tarapyndan utgaşdyryjysy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş etdi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Batyr GURBANOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.