Doganlyk gatnaşyklary

3 Noýabr 2023
561

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna giň ýol açyldy. Iki dostlukly döwletiň gatnaşyklary ösüşleriň hil taýdan täze derejesine çykdy. Şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenip geçilýär. Şol mynasybetli iki dostlukly döwletiň arasynda medeni maksatnamalaryň birnäçesi taýýarlandy.

Ýurdumyzda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň, pugtalandyrmagyň tarapdarydygynyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň döwletimizdäki ilçihanasynyň bilelikde guramagynda koreý-türkmen medeniýet günlerini geçirmek giň gerime eýe boldy. Medeniýet günleriniň çäklerinde halkymyz koreý medeniýeti we sungaty bilen ýakyndan tanyş boldy. Koreý kinofilmleriniň birnäçesi görkezildi, koreý milli egin-eşikleriniň, tegym, kaýagym we çangu ýaly koreý milli saz gurallarynyň sergisi guraldy. Sergä gatnaşyjylar koreý milli aşhanasynyň meşhur tagamlary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de «Gudak» koreý kwartetiniň bilelikdäki çykyşlary görkezildi.

Döwlet AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.