«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy: işewürlik geňeşleriniň mejlisleri

3 Noýabr 2023
432

2-nji noýabrda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde «Türkmenistan — Koreýa Respublikasy» işewürlik geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi.

Söwda-senagat edarasynda guralan duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, ulag ulgamynyň, dokma senagatynyň, suw hojalyk pudagynyň, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň, Koreýa Respublikasynyň Daşky gurşaw ministrliginiň, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) we Koreýanyň Dokma önümleriniň söwdasy assosiasiýasynyň (KTTA), Koreýanyň Senagat tehnologiýalary institutynyň (KITECH), şeýle hem dürli ulgamlarda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

«Watan».