Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi

3 Noýabr 2023
455

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň  gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Taraplar sebit howpsuzlygy, durnukly ösüş, şol sanda serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, ulag ulgamy bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝHHG-niň Baş sekretarynyň belleýşi ýaly, bu forum ýokarda agzalan ölçegleriň her biri boýunça sebitdäki wajyp meseleleri çözmekde özara gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de degişli halkara düzümleriň işini utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Şunda bu ugurdaky taslamalary we çäreleri ýerine ýetirmekde ÝHHG-niň möhüm orny beýan edildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleridir wezipeleri, sebitiň döwletleriniň bu ulgamlarda ädýän ädimleri boýunça pikir alşyldy, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen teklipler beýan edildi.

«Watan».