Türkmenistan ulag geçelgeleri arkaly sebitara gatnaşyklary berkitmäge gatnaşýar

19 Sentýabr 2023
630

Golaýda Stambulda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga TDG-niň Baş sekretary K.Omuraliýew, şeýle hem Özbegistanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň demir ýol kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we başlyklarynyň orunbasarlary, Türkmenistandan bolsa «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.