Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Türkmenistan 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan gününden bäri bu abraýly halkara gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.