Gadymdan bäri halklary, ýollary birleşdirýän Hazar deňzi Türkmenistanyň daşary syýasy gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär. Hazar deňziniň güni mynasybetli Türkmenistanda her ýylyň 12-nji awgustynda ýokary derejede dabaraly çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Bu çäreler Hazarýaka döwletleriň arasynda dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk giňişligini döretmek maksadyndan ugur alýar.
Aziýa bilen Ýewropany birikdirýän Hazarýaka döwletleriň çägi «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça üstaşyr ulag we söwda gatnaşyklarynyň netijeli hereketini üpjün edýän tebigy-geografik giňişlik bolup durýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmaga we ösdürmäge çalyşýar.