Möhüm meselelere seredildi

4 Awgust 2023
1147

Goraghanamyzyň ylmy bölüminde ekologiýa howpsuzlygyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Köýtendagyň eteginde hereket edýän senagat kärhanalarynyň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagyny gazanmak esasy talaplaryň biridir. Olarda howany, topragy önümçilik galyndylary bilen hapalamagyň öňüni alýan enjamlar oturdylandyr.

Okuw maslahatynda edilen çykyşlarda şol enjamlaryň ornaşdyrylmagynyň ekologiýa howpsuzlygynyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy bellenildi.

Näzik ÖWEZOWA,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.