Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar täze sahypalary açýar

4 Awgust 2023
941

Türkmenistan Täjigistan bilen hoşniýetli, dostana gatnaşyklaryny alyp barýar. Indi 30 ýyl bäri Türkmenistan Täjigistan bilen diplomatik gatnaşyklaryny amala aşyryp, medeni-syýasy, ynsanperwer we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň 10-11-nji maýda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze sahypany açdy.

Onda gol çekilen resminamalar toplumy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, ýükleri we ýolagçylary üstaşyr geçirmek, gurluşyk, oba we suw hojalygy, ýaşlar syýasaty, syýahatçylyk, medeniýet we sungat ýaly ugurlar, iki ýurduň işewür düzümleriniň gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

«Güneş».