Türkmen tebigatynyň gözelligi

27 Iýul 2023
770

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde,  tebigatymyzyň ilkibaşky keşbini aýawly saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky Permany bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi. Bu bolsa häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy goramak babatdaky döwlet ekologiýa syýasatyny has netijeli amala aşyrmagyň döwletiň esasy üns merkezinde durýandygyny görkezýär.

Döwletimiz BMG-niň tebigaty goramakda örän ähmiýetli resminamalaryň  birnäçesine, ýagny çölleşmäge garşy göreşmek hakyndaky konwensiýa, Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýa, Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna hem-de Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus konwensiýalaryna, BMG-niň suwly batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasyna goşuldy. Ýurdumyzda bu halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny amal etmek bilen, adamlaryň we raýatlaryň sagdyn ýaşaýşyny, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler toplumlaýyn amala aşyrylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan işlenilip taýýarlanylan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamany iki gezek kabul etmegi suw meselesinde Merkezi Aziýa üçin halkara meýilnamalary amala aşyrmagyň möhüm guraly bolup hyzmat edýär.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.