Täze taryhymyz — bagtyýar döwrüň keşbinde

25 Iýul 2023
716

Iri jemgyýetçilik-syýasy wakalarda döwrüň bedew bady, synmaz ruhy jemlenýär. Olaryň mysalynda döwletiň kuwwaty, syýasy ugry, ilatyň hal-ýagdaýy hem-de halkyň medeni babatda ýeten derejesi aýdyň ýüze çykýar. Aýlar aýlanyp, ýyllar dolanansoň hem şu günüň beýikligine şol taryhy wakalaryň derejesine laýyklykda baha berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ösüşli menzilleri üstünliklere beslenýär. Ol üstünlikler diňe bir ýurdumyzyň içindäki durmuş abadançylygynda däl, eýsem, döwletimiziň halkara giňişligindäki ornunyň barha berkemeginde hem äşgär şöhlelenýär. Munuň şeýledigine biz ýaňy-ýakynda paýtagtymyzdaky Maslahat merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirdik.

Sapargül ŞAMYRADOWA,
Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.