Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi

25 Iýul 2023
466

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, pudagara toparyň 2023-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, halkara ynsanperwer hukugynyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň ynsanperwer ugurda abraýly halkara guramalar bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.