Habarlar halkara giňişlikde

25 Iýul 2023
934

Gün tertibinde — ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi

Golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynda iş saparynda boldy. Wekiliýetiň düzüminde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary bar.

«Türkmenistan»