Koreýa Respublikasynyň «Daewoo E&C» kompaniýasy şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynyň dowamynda Türkmenistanda şahamça açmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Daewoo E&C» kompaniýasynyň prezidenti Baek Jeong-wanyň aýdanlaryna salgylanyp, «BusinessKorea» žurnaly penşenbe güni habar berdi.
Kompaniýanyň prezidentiniň aýtmagyna görä, täze şahamçanyň açylmagy kompaniýanyň türkmen Hökümeti bilen has ýakyn gatnaşykda bolmagyna we taslamalar boýunça tiz hyzmatdaşlyk etmegine mümkinçilik döreder.