Türkmenistan Nýu-Ýorkda durnukly şäher ulagy boýunça çäräni geçirdi

24 Iýul 2023
508

BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçýän durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy «Durnukly şäher ulagy: BMG-nyň Baş assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli Mejlisine taýýarlyk we DÖM-nyň 11-njisini ýerine ýetirmek üçin Arkadag şäheriniň modeli» temasyndan çäräni gurnady.

Gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň halkara arenasynda degişli başlangyçlary öňe sürmek arkaly ulag durnuklylygy babatynda köptaraply dialogyň esasyny goýandygyny belledi. 2016-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen durnukly ulag boýunça birinji Bütindünýä Maslahaty, 2022-nji ýylda bolup geçen deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Ministrler ulag maslahaty  munuň aýdyň mysallary bolup hyzmat edýär.