Türkmenistan — Koreýa: parlamentara gatnaşyklar giňeldilýär

24 Iýul 2023
705

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, milli parlamentimiz daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň 46-sy bilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär. Şolaryň hatarynda Türkmen-koreý parlamentara dostluk topary hem bar.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýlup, 2023-nji ýylyň aprel aýyna çenli iki döwletiň arasynda 100-e golaý halkara resminama gol çekildi. Häzirki wagtda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklar ýaly ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Şol sanda maglumat tehnologiýalary, ýangyç-energetika, dokma senagaty, oba hojalygy ýaly ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy iki ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna öz täsirini ýetirýär.

Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.