Jidda sammiti: sebitara hyzmatdaşlyga täze itergi

21 Iýul 2023
582

18-19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy. Jiddada geçirilen sammit häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara bähbitli sebitara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR PUGTALANDYRYLÝAR

"Nesil".