Döwrebap ulaglar — abadançylygyň möhüm şerti

16 Iýun 2023
401

Kämil ulag düzümi şäherde abadan ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet sahypasynyň habar bermegine görä, şu gün Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherine täze elektroulaglary sowgat berdi. Şeýle ulaglar şäherde ekologik abadançylygynyň goralmagynda hem-de ýaşaýjylar üçin mynasyp durmuş şertleriniň ýola goýulmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle hem şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň adyndan «Tiz kömek» ulaglary sowgat berildi. Munuň özi ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň hem-de dost-doganlygyň barha berkeýändiginiň nyşanydyr.

«Adalat».