Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

16 Iýun 2023
993

Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, onuň ýurdumyza şu gezekki saparynyň GDA-nyň giňişliginde oba hojalyk ulgamynda, hususan-da, tohumçylyk ýaly möhüm ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.