Gazagystanyň Prezidenti: Transhazar ulag geçelgesi haryt daşamagyň wagtyny azaldar

15 Iýun 2023
341

Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi (Orta geçelge) haryt daşamak üçin wagty iki esse azaldyp biler diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew penşenbe güni Astana halkara forumynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

“Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän Orta geçelge sebitde ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikler açýar. Bu geçelge Hindi ummanyndan haryt daşamak üçin sarp edilýän wagty iki esse azaldyp biler” diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.